Mýanmada Ýogalanlaryň Sany 710 Adama Ýetdi
Bago şäherinde asuda ilat öýlerini terk edýär
Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirilýän protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 710 adama ýetdi.
Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň taýarlan günük habarnamasynda soňky 24 sagatda ýene-de 4 adam ýogaldy.
Habarnamada, protest ýörişleriniň başlan gününden bäri ýogalanlaryň sanynyň 710, saklananlaryň sanynyň bolsa 3 müň 80 adama ýetendigi nygtaldy.
Agdarlyşyga garşy durýan 697 adamyň göz tussaglygyna alynmagy barada kararyň bardygy ýatladyldy.
Ýogalanlaryň arasynda 50 çaganyň bardygy nygtalýar.
Beýleki tarapdan Mýanmanyň ýaragly güyçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli azyndan 82 adamyň ýogalan ýeri bolan Bago şäherinde asuda ilat öýlerini terk edýär.
Häzire çenli 100 müň adamyň öýlerini terk edendigi we şäheriň golaýyndaky obalara ýerleşendigi nygtalýar.
Mýanmanyň goşunlary, 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlaryň öňe sürülmegi we ýurtda syýasy dartgynlygyň möwjemegi sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.
Ýurduň saýlanan liderlerini saklan harby goşun 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.
Mýanmalylar 6-njy fewralda harby agdarlyşyga we ýurduň saýlanan liderleriniň saklanmagyna garşy protest ýörişlerini başladypdy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.