Wan Kölüniň Fotosuraty Bäsleşikde Finala Çykdy

Finalda iki fotosurat bäsleşýär

1619332
Wan Kölüniň Fotosuraty Bäsleşikde Finala Çykdy

ABŞ-nyň Awiasiýa we kosmos gullugynyň guran “Dünýä Turniri” atly onlaýn fotosurat bäsleşiginde Wan kölüniň älem giňişliginden alynan fotosuraty finala çykan iki fotosuratdan biri boldy.

NASA tarapyndan guralan “Dünýä Turniri” atly onlaýn fotosurat bäsleşigi üstümizdäki ýylyň 8-nji martynda 32 kadr bilen görkezilmäge başlandy.

Bäsleşikde Wan kölüniň älem giňişliginden alynan fotosurat bilen “Hereketli Ýyldyzlar” atly fotosurat finala çykdy.

"earthobservatory.nasa.gov/tournament-earth" internet sahypasyndaky sese goýulşyk 12-nji aprelde ABŞ-nyň ýerli wagty boýunça sagat 12:00-da gutarýar.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bäsleşikde finala çykan Wan kölüniň fotosuraty üçin goldaw sorady.

Soýlu Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: “Gök öwüsýän reňki bilen, tebigy gözellikleri bilen; diňe bir ýer ýüzünden görünýän deňsizligi bilen dal, eýsem älem giňişliginden görünýän gözelligi bilen Wan kölümiz NASA-nyn onlaýn bäsleşiginde finala çykdy” diýip ýazdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem sosial media hasabyndan Wan kölüniň fotusuraty üçin goldaw sorap: “Älem giňişliginden surata alynan ýurdumyzyň bu deňsiz gözelligine ses bermek üçin Wan kölüni golda” diýi ýazdy.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly bolsa: “Wan kölümiz älem giňişliginden hasam gözel. Ähli dostlarymyzy şol gözelligi NASA-nyň onlaýn bäsleşiginde birinjilige götermäge çagyrýaryn” diýdi.

Daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ministri Murat Kurum bolsa: Älem giňişliginden alynan deňsiz fotosuratlary bilen finala çykan ýurdumyzyň hünjisi Wan köli üçin ses bereliň. Ýurdumyzyň seýrek gözelligini birinjilige götereliň” diýip ýazdy.

Prezident R.T.Erdoganyň aýaly Emine Erdogan hem sosial media hasabyndan finala çykan Wan kölünin fotosuraty üçin goldaw berilmegini isläpdi.



Degişli Habarlar