Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

Protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 706 adama ýetdi

1619543
Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

 

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirilýän protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 706 adama ýetdi.

Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň taýarlan günük habarnamasynda soňky 24 sagatda ýene-de 5 adam ýogaldy.

Habarnamada, protest ýörişleriniň başlan gününden bäri ýogalanlaryň sanynyň 706, saklananlaryň sanynyň bolsa 3 müň 59 adama ýetendigi nygtaldy.

Agdarlyşyga garşy durýan 657 adamyň göz tussaglygyna alynmagy barada kararyň bardygy ýatladyldy.

Mýanmanyň goşunlary, 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlaryň öňe sürülmegi we ýurtda syýasy dartgynlygyň möwjemegi sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.

Ýurduň saýlanan liderlerini saklan harby goşun 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.

Mýanmalylar 6-njy fewralda harby agdarlyşyga we ýurduň saýlanan liderleriniň saklanmagyna garşy protest ýörişlerini başladypdy.



Degişli Habarlar