“Ukrainanyň, Donbasda Hüjüm Guramak Üçin Taýarlyk Görýändigi Hakyndaky Habarlar Asylsyz”

Ukraina, Donbas krizisiniň syýasy we diplomatiýa taýdan çözülmegini isleýär

1618383
“Ukrainanyň, Donbasda Hüjüm Guramak Üçin Taýarlyk Görýändigi Hakyndaky Habarlar Asylsyz”

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Ruslan Homçak, ýurdunyň Donbasda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny belledi.

Ukrainanyň baş ştabyndan berlen beýannama görä, Baş ştabyň başlygy Ruslan Homçak, ýurdunyň Donbasda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi hakyndaky habarlaryň Ukrainanyň halkara derejesindäki mertebesine zeper ýetirmegi maksat edinýändigini nygtady.

Homçak, habarlaryň, Donbasda halky dowla düşürmegi maksat edinýändigine ünsi çekip, “Ukrainanyň, Donbasda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi hakyndaky habarlar asylsyz” diýdi.

Homçak krizisiň syýasy we diplomatiýa taýdan çözülmegine uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow bolsa, Ukrainanyň Donbasdaky krizisi harby taýdan çözmek isleýändigini öňe sürüpdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Donbas , #Ukraina

Degişli Habarlar