BioNTech Sanjymyň 12-15 Ýaş Aralygyndaky Çagalara Edilmegi Üçin Ýüz Tutdy

“BioNTech”, ABŞ-da tassyklanan ilkinji sanjymdy

1618637
BioNTech Sanjymyň 12-15 Ýaş Aralygyndaky Çagalara Edilmegi Üçin Ýüz Tutdy

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän derman firmasy “Pfizer” we merkezi Germaniýada ýerleşýän biotehnologiýa firmasy “BioNTech” bilelikde öndürlen koronawirus sanjymynyň 12-15 ýaş aralygyndaky çagalara edilmegi üçin ABŞ-nyň Derman we derman  senagaty edarasyna adatdan daşary şertlerde ulanyş ýüz tutmasyny etdi.

“Pfizer” we “BioNTech” beren bilelikdäki beýannamasynda öndürilen koronawirus sanjymynyň 12-15 ýaş arlygyndaky çagalara edilmegi boýunça ABŞ-nyň Derman we derman senagaty edarasyna adatdan daşary şertlerde ulanylmak üçin ýüz tutulandygy nygtalýar.

Mart aýynda geçirilen ylmy barlaglarda sanjymyň 12-15 ýaş aralygynda 100 göterim netije berendigine ünsi çekilýän beýannamada; “Edilen ýüz tutma global sanjymlama tagallalarynyň gerimini giňeltmek üçin hökümetleri goldamak taýdan möhüm başlangyç” diýilýär.

ABŞ-nyň derman firmasy “Pfizeriň” türk alymlary Özlem Türeji bilen Ugur Şahiniň şärigi bolan nemes biotehnologiýa firmasy “BioNTech” bilen bilelikde öndürlen Kovid-19 sanjymy ABŞ-da Derman we derman senagaty edarasyndan tassyklanan we ulanylmaga başlanan ilkinji sanjymdy.

 



Degişli Habarlar