ABŞ-nyň Basyşlary Sebäpli Sanjym Kynçylygyny Başdan Geçirýäris

Hasan Ruhani, ABŞ-nyň basyşlary sebäpli Kovid-19 sanjymynyň alynmagy meselesinde uly kynçylygy başdan geçirýändiklerini aýtdy

1617712
ABŞ-nyň Basyşlary Sebäpli Sanjym Kynçylygyny Başdan Geçirýäris

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň basyşlary sebäpli Kovid-19 sanjymynyň alynmagy meselesinde uly kynçylygy başdan geçirýändiklerini aýtdy.

Prezident Ruhani Kovid-19 epidemiýasyna garşy öndürlen sanjymlar we sanjymlaryň elýeterliligi hakynda durup geçdi.

Hasan Ruhani, sanjym satyn almak üçin tagalla edýändiklerini, şol bir wagtda ýerli sanjymyň öndürilmegi işleriniň hem güýçli depginde dowam edýändigini nygtady.

Eýranyň Prezidenti Ruhani “Bir ýurt bilen sanjym almak üçin şertnama baglaşypdyk. Emma amerikalylar bu işi bökdedi. Eýrana 10 million doza sanjym bermegine garaşylýan firmalara basyş etdiler. Ýerli sanjym etabynyň gysga wagtda tamamlanmagy we satuwa çykarylmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.

Ähli ýurtlaryň sanjym meselesini başdan geçirýändigini aýdan Ruhani, dünýäde sanjymň ýeterlik mukdarda öndürilmeýändigini ýatlatdy



Degişli Habarlar