Wladimir Putin Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Wladimir Putin Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1617532
Wladimir Putin Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Ukrainanyň gündogaryndaky krizis bilen baglanşykly telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Wladimir Putin Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ukrainanyň gündogaryndaky krizisiň ara alynyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde, iki lider şol sebitde artan dartgynlyga alada bildirýändiklerini beýan etdiler. 

Ukraina krizisiniň çözüwi bilen baglanşykly ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gerekdigi bellenen telefon söhbetdeşliginde, Ukrainada çaknyşýan taraplary sowukganlylyga çagyryldy we gepleşikler tapgyryny başlatmak barada çagyryş berildi. 

Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň we Germaniýanyň Ukraina meselesi bilen baglanşykly başlangyçlaryň koordinasiýasy babatynda ylalaşandyklary bellendi. 

Siriýa meselesiniň hem ele alynan telefon söhbetdeşliginde, Russiýa tarapy Siriýanyň halkyna daşary ýurtlardan berilýän ynsanperwer kömekleriň, durmuş-ykdysady infrastrukturanyň ýaňadandan emele getirilmeginiň we siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklary bilen baglanşykly meseleleriň syýasylaşdyrylmaly däldigini nygtady. 

Iki lider Liwiýa babatynda hem ýurtda geçiş tapgyry üçin merkezi dolanşygyň emele getirilmeginden hoşaldyklaryny beýan etdiler. 



Degişli Habarlar