Amerikaly Alym ÝUHU-laryň Türkiýäni Güýçlendirendigini Beýan Etdi

Amerikaly syýasat teoretigi Fankis Fukuýama Türkiýäniň sebitleýin güýje öwrülendigine ünsleri çekýär

1616350
Amerikaly Alym ÝUHU-laryň Türkiýäni Güýçlendirendigini Beýan Etdi

Amerikaly syýasat teoretigi Fankis Fukuýama türk Ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň (ÝUHU) geçen ýyl Türkiýäniň sebitleýin güýç hökmünde beýgelmegine uly goşant goşandygyny aýtdy.

Fukuýama “Amerikan Purpose” žurnalynda çap edilen makalasynda türk ÝUHU-larynyň sebitinde emele getiren güýçli täsirleri hakynda öwgüli sözler aýtdy.

“Global garaýyş harby ÝUHU-lar tarapyndan özgerdildi we Türkiýe esasy pozisiýasyny eýeledi” diýen Fukuýama, Türkiýäniň öz öndüren ÝUHU-laryny Liwiýada, Siriýada, Daglyk Garabagda we öz serhetleriniň çäginde ekstremist terror guramasy PKK garşy ulanandygyny nygtady.

Türk ÝUHU-larynyň performansynyň ýokarydygyna ünsi çeken amerikaly syýasat teoretigi; “Soňky türk dronlary diýseň täsir galdyryjy; mysal üçin TB2 24 sagat üznüksiz uçmaga ukyply we hem barlag hem-de hüjüm ediş işlerini ýerine ýetirip bilýär” diýdi.

Siriýada, Liwiýada we Daglyk Garabagda ulanylan türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň ýerine ýetirýän missiýalarynyň iňňän gel galdyryjydygyny beýan eden Fukuýama, şol howa ulaglarynyň esasanda Ermenistanyň harby güýçlerine uran zarbalarynyň ünsleri çekijidigini ýazdy.

Fukuýama, Türkiýäniň soňky ýyllarda öndüren ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň döwrebap söweş taktikalaryny özgerdendigine ünsi çekip; “ÝUHU-lar 2020-nji ýylda Türkiýäniň sebitleýin güýç hökmünde beýgelmegine uly goşant goşdy. Ýurt, beýan edilen üç çaknyşygyň ählisiniň netijesini kesgitledi we has uly netijeleri alyp biljekdigini görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar