Mýanmada Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany 581 Adama Ýetdi

Mýanmanyň ýaragly güýçleriniň käbir ýerlerde buthanalara girendigi habar berildi.

1616189
Mýanmada Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany 581 Adama Ýetdi

 

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirilýän protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 581 adama ýetdi.

Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň taýarlan günük habarnamasynda soňky 24 sagatda ýene-de 11 adam ýogaldy.

Habarnamada, protest ýörişleriniň başdan gününden bäri ýogalanlaryň sanynyň 581, saklananlaryň sanynyň bolsa 2 müň 750 adama ýetendigi nygtaldy.

Agdarlyşyga garşy durýan 463 adamyň göz tussaglygyna alynmagy barada kararyň bardygy ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Mýanmanyň ýaragly güýçleriniň käbir ýerlerde buthanalara girendigi habar berildi.

Esgerleriň buthanalaryň gapylaryny ýykandygy we käbir goşlara zeper ýetirendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar