AstraZeneca Sanjymynyň Çagalar Boýunça Synagy Bes Edildi

Oxford uniwersiteti, derman firmasy “AstraZeneca” bilen bilelikde öndüren koronawirus sanjymynyň çagalar boýunça synagyny bes etdi

1616391
AstraZeneca Sanjymynyň Çagalar Boýunça Synagy Bes Edildi

Uniwersitetden berilen beýannamada: “Pediatrik kiliniki testlerde howpsyzlyk wehimi bolmasa hem, synaglardan ozal Britaniýanyň Derman we saglyk enjamlary guramasyndan uly adamlarda seýrek hem bolsa gabat gelinen tromboz/trombositopeniýa (ganyň goýulaşmagy) boýunça analiz hakynda goşmaça maglumata garaşýarys” diýilýär.

Uniwersitet fewral aýynda beren beýannamasynda 6-17 ýaş aralygyndaky 300 meýletiniň gatnaşmagynda synaglar geçirjekdigini habar beripdi.

Britaniýanyň Derman we saglyk enjamlary guramasy Britaniýada “Oxford-AstraZeneca” sanjymyny etdien 18,1 million adamdan 30 sanysynda ganyň goýulaşma wakasynyň ýüze çykandygyny we şolardan 7 sanysynyň 24-nji martda ölendigini beýan edipdi, emma häzirki wagta çenli ganyň goýulaşmagy bilen sanjymyň arasyndaky baglanşygy görkezýän hiç hili deliliň tapylmandygyny beýan edipdi.

Ýewropanyň Derman gullugy bolsa düýn “AstraZeneca sanjymy bilen ganyň goýulaşmagynyň arasynda baglanşygyň bardygyny, emma sebäbiniň kesgitlenmändigini habar berdi.

Käbir Ýewropa ýrutlary gany goýulaşdyrýandygy sebäpli adybir sanjymyň ulanylmagyny bes edipdi ýa-da ýaş çaklendirmesini goýupdy.

 



Degişli Habarlar