Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

Soňky 24 sagatda ýene-de 6 adam ýogaldy

1615593
Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

 

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirilýän protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 570 adama ýetdi.

Mýanmanyň Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň habarnamasyna görä, soňky 24 sagatda ýene-de 6 adam ýogaldy. Şeýlelikde protest ýörişleriniň başlan gününden bäri ýogalanlaryň sany 570 adama ýetdi.

Mýanmanyň goşunlary, 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlaryň öňe sürülmegi we ýurtda syýasy dartgynlygyň möwjemegi sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.

Ýurduň saýlanan liderlerini saklan harby goşun 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.

Mýanmalylar 6-njy fewralda harby agdarlyşyga we ýurduň saýlanan liderlerinin saklanmagyna garşy protest ýörişlerini başladypdy.



Degişli Habarlar