Britaniýa Koronawirusa Garşy Göreşiniň Gerimini Giňeldýär

Britaniýa koronawirusa pandemiýasyna garşy alyp barýan göreşiniň çäginde koronawirus test maksatnamasyny giňeldýär

1615429
Britaniýa Koronawirusa Garşy Göreşiniň Gerimini Giňeldýär

“BBC Türkçäniň” habar bermegine görä 9-njy aprel anna gününden başlap ýurtda isleýän her bir adama hepdede iki gezek çaltlandyrylan koronawirus testi ediler.

30 minuda çenli netijesi belli bolýan şol testler, test merkezlerinde we dermanhanalarda tölegsiz beriler.

Çaltlandyrylan koronawirus testleri isleýänlere poçta arkaly hem ugradylar.

Beýannamada, garaýyşlaryna orun berilen Premýer-ministr Boris Jonson ýurtda “üstünlikli” dowam edýän sanjymlama maksatnamasy bilen çäklendirmeleri gowşadandyklaryny, görülen çäreleriň netije bermegi üçin ýygy-ýygydan testleriň edilmeginiň möhümdigini nygtady.

Saglygy goraýyş ministri Mett Hankok bolsa her üç keselliden birinde Kowid-19-yň simptomlarynyň görülmeýändigine ünsi çekip, gyssagly testler bilen şol kesellileri kesgitläp, pandemiýanyň ýaýramagynyň öňünni almagy we ýurtda durmuş şertlerini kadalaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar