ÝB Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-njini Goldaýandygyny Beýan Etdi

ÝB Iordaniýada agdarlyşyk synanşygyny edendigi sebäpli 20 adamyň saklanmagyndan son Şa Abdullah 2-njini goldaýandygyny beýan etdi.

1614753
ÝB Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-njini Goldaýandygyny Beýan Etdi

ÝB Komissiýasynyň metbugat Sekretary Nabila Massrali sosial mediadan beren habarnamasynda, Iordaniýadaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny mälim etdi.

ÝB bilen Iordaniýanyň güýçli we mizemez hyzmatdaşlygynyň bardygyny beýan eden Bassrali: “Iordaniýa we iordan halkyna goldawymyz dowam eder. ÝB, Şa Abdullah 2-njini we onuň sebitdäki oňyn pozisiýasyny goldaýar” diýdi.

Iordaniýada öňňin agşam Şa Abdullah 2-nji häkimiýetden çetleşdirmäge synanşandygy sebäpli ýokary derejeli döwlet işgärleriniň saklanandygy habar berilipdi.

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen es-Safadi geçirilen derňew işiniň netijesinde ozalky Mirasdüşer şazada Hamza bin Hüseýiniň daşarky güýçler bilen bilelikde ýurduň howpsyzlygyna zyýan ýetirýän käbir işlere goşulyşandygynyň anyklanandygyny beýan edipdi.

Şazada bin Hüseýin 1999-2004-nji ýyllaryň aralygynda Mirasdüşer Şazadalyk edipdi, emma soň şol wezipä Şa Abdullah 2-njiniň uly ogly Hüseýin bin Abdulla geçipdi.



Degişli Habarlar