Gruziýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülýän öňüni alyş çäreler protest edildi

Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli köçesinde ýöriş geçiren demonstrantlar, ondan soň bolsa parlament binasynyň öňüne ýygnandylar

1614265
Gruziýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülýän öňüni alyş çäreler protest edildi

Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen eýýäm birnäçe aý bäri dowam edýän agşam sagatlarynda köçä çykmak gadagançylygyna garşy protest geçirildi. 

Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli köçesinde ýöriş geçiren demonstrantlar, ondan soň bolsa parlament binasynyň öňüne ýygnandylar.

Tapawutly jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen protestde edilen çykyşylarda, hökümediň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde täsirsiz syýasatlar alyp barýandygy bellendi.

Ýurtda Kowid-19 sanjym tapgyrynyň şowsyz ýagdaýda alynyp barylýandygyny öňe süren çykyş eden adamlar, agşam sagatlarynda köçä çykmak gadagançylygynyň hem adam hukuklarynyň düzgün bozmasy hökmünde häsýetlendirdiler.

Çykyş eden adamlar hökümede Kowid-19 bilen bagly görülen öňüni alyş çärelerini ortadan aýyrmaklary we gündelik durmuşyň kadaly ýagdaýa gaýdyp gelmegi üçin gerek bolan ädimleri etmekleri barada çagyryş berildi.

Parlament binasynyň öňündäki köçäni ýapan demonstrantlar, agşam sagatlarynda köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan irdene çenli duran ýerlerinden aýrylmajakdyklaryny beýan etdiler. 

Epidemiýanyň başyndan bäri 3 müň 804 adamyň ýogalan ýurtda 283 müň 369 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gruziýada Kowid-19-a garşy sanjym tapgyry 15-nji martda başlapdy. 



Degişli Habarlar