Hytaýyň Gämileri Ýaponiýanyň Suw Giňişligine Geçdi

Ýaponiýa gämileriň suw giňişliginden gitmegi üçin duýduryş berdi

1613939
Hytaýyň Gämileri Ýaponiýanyň Suw Giňişligine Geçdi

Hytaýa degişli iki sany kenarýaka howpsuzlyk gämisi düýn Gündogar Hytaý deňizindäki jedelli Senkaku adalarynyň golaýynda Ýaponiýanyň suw giňişligine geçdi.

Ýurduň günorta günbataryndaky Okinawa welaýatynyň Naha etrabyndaky 11-nji Kenarýaka howpsuzlyk merkeziniň beýan etmegine görä Hytaýyň iki gämisi milli suw giňişligini bozdy.

Jedelli Senkaku adalarynyň daşyndan düýn ýerli wagt boýunça 11:30 töwereklerinde aýlanan gämiler Minami-Kožima adasynyň golaýynda ýapon balykçy gämilerine ýakynlaşdy.

Ýaponiýanyň kenarýaka howpsuzlyk gullugy Hytaýa degişli gämilere gitmekleri üçin duýduryş berdi.

“NHK” teleýaýlymynyň beýan etmegine görä Hytaýa degişli gämiler Senkakuknyň daşynda şu ýyl 12 gezek Ýaponiýanyň suw giňişligine geçdi.



Degişli Habarlar