Ukraina Krymda Harby Gulluga Çagyrlyş Sebäpli Russiýany Ýazgardy

Russiýa 2015-nji ýyldan bäri 12 gezek harby çagyryş etdi

1613653
Ukraina Krymda Harby Gulluga Çagyrlyş Sebäpli Russiýany Ýazgardy

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada, harby gulluga çagyrmagyň halkara hukuk kadalaryny we 1949-njy ýylda kabul edilen Ženewa konwensiýasynyň düzgünlerini bozýandygy bellenilýär.

Russiýanyň Ukrainanyň raýatlaryny harby gulluga çagyryp, harby jenaýat işleýändigine ünsi çekilýän beýannamada, Ukrainanyň Russiýanyň ýarym adada harby gulluga kabul etmelerini ýazgarýandygy mälim edildi.

Beýannamada Russiýanyň 2015-nji ýyldan bäri 12 gezek harby gulluga çagyryş edip, 28 müň adamy bikanun ýagdaýda harby gulluga kabul edendigi nygtalyp, 1-nji aprelde harby gulluga kabul etmegiň täze tapgyrynyň başlandygy ýatladyldy.

Halkara jemgyýetçiligine Russiýa garşy syýasy we diplomatik basyşyny güýçlendirmegi üçin çagyryş edilýän beýannamada, Ukrainanyň Russiýanyň halkara hukuk kadalaryny bozmagyny delillendirmäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Kremlden berilen beýannamada bolsa, NATO-nyň harby gullukçylary Ukraina ornaşdyrylan halatynda degişli çäreleriň görüljekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar