ÝB Komissiýasy Ýadro Ylalaşygyna Tarap Ýurtlaryň Wekilleri Bilen Maslahat Geçirer

Maslahatda ylalaşygyň berjaý edilişi seljeriler

1613363
ÝB Komissiýasy Ýadro Ylalaşygyna Tarap Ýurtlaryň Wekilleri Bilen Maslahat Geçirer

ÝB Komissiýasyndan berilen beýannama görä Eýranyň ýadro ylalaşygy atlandyrylýan Bilelikdäki Giňeldilen Iş Maksatnamasyna tarap bolup durýan ýurtlaryň wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçiriljek maslahatyna ÝB-niň Daşary gatnaşyklar gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary we Syýasy direktory Enrike Mora başlyklyk eder.

Maslahata Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Britaniýa bilen Eýranyň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatda ABŞ-nyň ylalaşyga dolanma ähtimallygy bilen, ähli taraplarynyň ylalaşygyň şertlerini gyrşarnyksyz berjaý etmeginiň gazanylmagy hakynda pikir alyşylar.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda çekilýändiklerini beýan edipdi. Trampdan soň prezidentlige saýlanan Jo Baýden iş başyna gelenden soň ylalaşyga dolanyp biljekdigini duýdurypdy.

Bilelikdäki Giňeldilen İş Maksatnamasy, Eýranyň ýadro maksatnamasyna gözegçilik edilmegi we onuň guralmagy, onuň öwezinde-de Eýrana goýulan sanksiýalaryň bes edilmegi maksady bilen BMG-nin Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Russiýa we Hytaýyň ýany bilen Germaniýa bilen ÝB-niň we Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda kabul edilipdi.



Degişli Habarlar