Eýran Bilen Ýadro Ylalaşygyna Tarap Ýurtlaryň Wekilleri Bilen Wenada Duşuşar

Şu gün wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçirilen maslahatyň netijeli bolandygy beýan edildi

1613746
Eýran Bilen Ýadro Ylalaşygyna Tarap Ýurtlaryň Wekilleri Bilen Wenada Duşuşar

Eýran bilen global güýçleriň arasynda gol çekişilen ýadro ylalaşygyna tarap bolup durýan ýurtlaryň wekilleri geljek hepde Wenada duşuşarlar.

ABŞ-nyň ylalaşyga gaýtadan goşulma şertlerini seljermek üçin ÝB-niň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Britaniýa bilen Eýranyň ýokary derejeli resmileri şu gün wideokonferensiýa ulgamy arkaly maslahat geçirdiler.

Maslahatdan soň ÝB-den berilen beýannamada Eýranyň ýadro ylalaşygyna tarap bolup durýan ýurtlaryň maslahatyna ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýsatyndan jogapkär ýokary derejeli wekiliniň adyndan ÝB-niň Halkara gatnaşyklar gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary we Syýasy direktory Enrike Moranyň başlyklyk edendigi habar berildi.

ABŞ-nyň ylalaşyga gaýtadan goşulmagy hakynda pikir alyşylan maslahatdan soň berilen beýannama görä taraplar umumy tagallalary oňyn seljermäge taýardygyny nygtadylar.

Beýannamada ylalaşygyň gaýtadan we doly berjaý edilmegi üçin usullaryň seljerilendigi nytalyp; “Gatnaşyjylar sanksiýalaryň bes edilmegi bilen ýadro maksatnamasynyň iş ýüzüne geçirilmegi bilen bagly çäreleri aç-açan kesgitlemek maksady bilen bilelikdäki toparyň maslahatyny geljek hepde Wenada dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar” diýilýär.

 



Degişli Habarlar