Baýden Ministrler Kabinetiniň Ilkinji Maslahatyny Geçirdi

Baýden, Ak Tamda geçirlen ilkinji maslahatdan öň metbugata beýannama berdi.

1613474
Baýden Ministrler Kabinetiniň Ilkinji Maslahatyny Geçirdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ministrler kabinetiniň ilkinji maslahatyny Ak Tamda geçirdi.

20-njy ýanwarda wezipesine başlan Baýden, Ak Tamda geçirlen ilkinji maslahatdan öň metbugata beýannama berdi.

Prezident Baýden, Ministrler kabinetiniň düzümini gysga wagtda tassyklandygy üçin Senada sagbolsun aýtdy.

Jo Baýden, ministrlikleriň  gündelik işlerinde ABŞ-da öndürlen ýerli harytlary ulanmaklaryna uly ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ak Tamda geçirlen Ministrler kabinetiniň ilkinji maslahaty Baýdeniň çykyşyndan soň öz işini metbugata ýapyk häsiýetde dowam etdirdi.



Degişli Habarlar