Nawalnyý Açlyk Yglan Etdi

Alekseý Nawalnyý lukman we derman kömeginiň berilmeýändigini beýan edýär

1612628
Nawalnyý Açlyk Yglan Etdi

Rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý bolýan tussaghanasynda lukmançylyk kömeginiň berilmegi hakyndaky talabynyň kabul edilmändigi sebäpli açlyk yglan edendigini habar berdi.

Alekseý Nawalnyý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda paýtagt Moskwadan 200 kilometr alysda ýerleşýän Wladimir şäheriniň Pokrow adyndaky tussaghanada özüne lukmançylyk kömeginiň  berilmeýandigini öňe sürdi.

Lukman çagyrma we derman alma hukugynyň bardygyny beýan eden Nawalnyý, şol hyzmatlardan peýdalanyp bilmeýändigini beýan etdi. Nawalnyý, arkasynyň we aýaklarynyň agyrýandygyny mälim etdi.

Tussaglaryň açlyk yglan etmekden başga ýolunyň ýokdugyny öňe süren Nawalnyý; “Eýsem näme etmeli? Kanunlaryň berjaý edilmegi üçin açlyk yglan etdim. Maňa lukman ugratsynlar. Aç ýatyryn” diýip, ýazdy.

Moskwanyň Şäher kazyýeti 2-nji fewralda Nawalnyýnyň geçmişde galplyk işi sebäpli berişen 3,5 ýyllyk yza süýşürilen tussaglyk jezasyny, öýde geçiren möhletini göz öňünde tutup, 2,5 ýyllyk adaty tussaglyk jezasyna öwrüpdi.

 



Degişli Habarlar