Dmitriý Peskow güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdunyň serhet boýunça NATO-nyň harby işjeňliginiň artmagy sebäpli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen çäre görýändigini beýan etdi

1613043
Dmitriý Peskow güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukraina serhedindäki işjeňliginiň artmagy we Kryma harby güýç gönükdirilmegi bilen bagly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Harby işjeňligiň bardygyny tassyklan Peskow: "Russiýa öz topraklarynyň çägindäki ýaragly güýçlerini öz garaýşyna görä hereket etdirýär. Bu hiç kimi biynjalyk etdirmeli däl we bu hiç kim üçin howp abandyrmaýar" diýip belledi. 

NATO-nyň Russiýa serhedinde harby işjeňligini artdyrandygyny aýdan Peskow: "Russiýa öz serhetleriniň howpsuzlygyny artdyrmak maksady bilen degişli çäreleri görýär. Russiýa serhedi boýunça NATO-nyň, beýleki harby toparlaryň we käbir ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň işjeňlikleriniň artandygyny bilýärsiňiz. Ähli bu zatlar bizi hüşgär bolmaga mejbur edýär" diýip nygtady. 

Russiýanyň harby birikmeleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky barlygy bilen baglanşykly öňe sürmeleriň hem üstünde durup geçen Peskow: "Russiýanyň harby birikmeleri Ukrainanyň territoriýasynyň çäginde ýaragly çaknyşyklara hiç wagt goşulmady we mundan soň hem goşulmaz. Bu Ukrainanyň içerki söweşidir" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar