Putin, Merkel we Makron Halkara Meseleler Hakynda Pikir Alyşdy

Onlaýn ulgamda geçirilen duşuşykda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

1611991
Putin, Merkel we Makron Halkara Meseleler Hakynda Pikir Alyşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen aktual halkara we sebitara meseler hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin, Merkel we Makron onlaýn ulgamda geçirlen duşuşykda täze görnüş koronawirusa epidemiýasyna garşy göreşiň birleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Liderler, Sputnik W sanjymynyň ÝB-ne agza ýurtlarda bellige alynma şertleri we sanjymyň Ýewropa ýurtlaryna berilme hem-de bilelikde öndürilme mümkinçilikleri barada-da pikir alyşdylar.

Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşylan onlaýn duşuşykda rus tarapy iki taraply gyzyklanma bolan halatynda ÝB bilen kadaly, syýasy aýratynlygyny ýitiren gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýmaga taýardygyny beýan etdi.

Ukrainanyň gündogaryndaky çaknyşyklar bilen bagly soňky ýagdaýlar hakynda-da pikir alyşylan duşuşykda, çaknyşyklaryň çözülmeginde esas bolup durýan Minsk ylalaşygynyň alternatiwsizdigi nygtaldy.

Liwiýa meselesine hem garalan onlaýn duşuşykda taraplaryň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmegine we ýurtda wagtlaýyn hökümetiň gurulmagyna kanagatlanma bildirildi.

Putin Belarusdaky şertler hakynda bolsa, özygtyýarly döwletiň içerki işlerine daşardan goşulyşmagyň kabul edilmesizdigini beýan etdi.

Onlaýn duşuşykda rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyýnyň kazyýet işi bilen bagly meseleler hem ara alynyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar