Kanada AstraZeneka kärhanasynyň sanjymyny 55 ýaşdan kiçi bolan adamlarda ulanylmagyny bes etdi

Kanada Oksford uniwersitediniň AstraZeneka kärhanasy bilen oýlap tapan koronawirus sanjymynyň 55 ýaşdan kiçi bolan adamlarda ulanylmagyny bes etdi

1611174
Kanada AstraZeneka kärhanasynyň sanjymyny 55 ýaşdan kiçi bolan adamlarda ulanylmagyny bes etdi

Kanadanyň Milli Sanjym maslahat komitediniň başlygynyň orunbasary Dr. Şelli Diks beren beýanatynda, kararyň pes trombositli adamlarda sanjym bilen bagly trombositopeniýa wakalaryndaky möhüm näbellilik sebäpli kabul edilendigini habar berdi. 

Kararyň häzirlikçe wagtlaýyn kabul edilendigine ünsleri çeken Şelli Diks, ady agzalan sanjymyň ýaş zenanlar başda bolmak bilen sanjym edilen käbir adamlarda seýrek gabat gelýän ganyň goýalmagy bilen bagly wakalar barada Ýewropadan gelen habarnamalardan soň kabul edilendigini mälim etdi. 

Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Gollandiýa, Irlandiýa, Norwegiýa, Daniýa, Islandiýa, Rumyniýa we Bolgariýa şu aýyň başynda AstraZeneka sanjymynyň ulanylmagyny wagtlaýyn bes edipdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adanom Gebreisus AstraZeneka kärhanasynyň sanjymynyň zyýanyndan köp peýdasynyň bardygyny belläp, ýurtlara AstraZeneka sanjymyny ulanmaklary barada çagyryş beripdi. 


Etiketkalar: #Kanada , #sanjym , #"AstraZeneca"

Degişli Habarlar