“Türkiýe Bilen Ýakyndan Işleşmäge Dowam Edilmeli”

ÝB-nyň Ýokary wekili Žozep Borrel “Türkiýe bilen ýakyndan işleşmäge dowam edilmeli” diýdi.

1610906
“Türkiýe Bilen Ýakyndan Işleşmäge Dowam Edilmeli”

 

ÝB-nyň Ýokary wekili Žozep Borrel geçen hepde ýazan makalasynda ÝB bilen Russiýanyň, Hytaýyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçdi.

Russiýa bilen Hytaýyň Günbatarly ýurtlara garşy güýçlerini birleşdiren ýaly görünýändigini nygtan Borrel, bu çemeleşmäniň demokratik gymmatlyklara bap gelmeýändigini belledi.

“Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklarda bolsa habarlar has gowy” diýen Borrel, geçen hepdäniň başynda ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen geçirlen maslahatda, umuman Gündogar Ortaýer deňizinde ýagdaýyň kadalaşýandygy meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.

Borrel makalasynda “Türkiýe bilen ýakyndan işleşmäge dowam etmelidiris”diýip belledi.

Borrel, Ankaranyň oňyn tutumy nazarda tutulyp ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň, Türkiýe bilen Gümrük bileleşiginden göç meselesine çenli özara bähbide esaslanýan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meselesinde ylalaşyk gazandyklaryny aýratyn belledi.



Degişli Habarlar