Nikol Paşinýan wezipesinden çekiljekdigini habar berdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan aprel aýynda wezipesinden çekiljekdigini habar berdi

1610014
Nikol Paşinýan wezipesinden çekiljekdigini habar berdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Ermenistanyň Armawir sebitine guran saparynda, iýun aýynda geçiriljek möhletinden irki saýlawlar bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Ýakyn wagtda wezipesinden çekiljekdigini aýdan Nikol Paşinýan: "Aprel aýynda wezipämden çekilerin. Emma muny hökümetden gitmek üçin däl, eýsem möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin ederin" diýip habar berdi. 

Nikol Paşinýan, wezipesinden çekilmeginden 20-nji iýunda geçiriljek möhletinden irki parlament saýlawlara çenli wagt aralygynda wagtlaýyn häsýetde Premýer ministr wezipesinde boljakdygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar