Liwanda protest ýöriş geçirildi

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde hökümediň wezipesinden çekilmegi we garaşsyz geçiş hökümediň gurulmagy talaby bilen protest ýöriş geçirildi

1609839
Liwanda protest ýöriş geçirildi

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde bir ýere jemlenen protestçiler, "galplyk edenleriň hasap bermeklerini" talap edip, şäheriň günortasynda ýerleşýän Baabda etrapçasyndaky Prezident köşgüne tarap ýörediler. 

Häzirki hökümediň wezipesinden çekilmegini isleýän protestçiler, garaşsyz geçiş hökümediniň gurulmagyny, adaladyň ýaňadandan ýola goýulmagyny we Beýrut portynda bolan partlamanyň jogapkärleriniň hasap bermekleri barada çagyryş berdiler. 

Howpsuzlyk güýçleri bolsa protestçileriň Prezidentiň köşgüne ýakynlaşmagyna päsgel bermek üçin barrikadalar goýdylar. 

Howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda hiç hili hadysa başdan geçirilmedi. 


Etiketkalar: #protest , #Beýrut , #Liwan

Degişli Habarlar