Indoneziýada buthana guralan hüjümde 14 adam ýaralandy

Indoneziýanyň Günorta Sulawesi ştatynyň paýtagty Makassar şäherinde buthananyň nyşana alynyp guralan bombay hüjümde 14 adam ýaralandy

1609880
Indoneziýada buthana guralan hüjümde 14 adam ýaralandy

Günorta Sulawesi ştatynyň Howpsuzlyk gullugynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminiň resmisi E Zulpan wakanyň ilkinji kesgitlemelere görä kamikaze hüjümidigini beýan etdi. 

Milli Içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Argo Ýuwono bolsa bombaly hüjümde aralarynda buthananyň işgäri hem bolan jemi 14 adamyň ýaralanandygyny we olaryň hassahanada bejergi astyna alynandygyny mälim etdi. 

Günorta Sulawesi ştatynyň Içeri işler edarasy tarapyndan berilen beýanatda, buthana girmäge synanyşan motosiklli 2 hüjümçiniň biriniň üstündäki bombany ýerli wagt bilen sagat 10:28-de partladandygyny habar berdi. 

Beýleki hüjümçi bilen bagly bolsa maglumat berilmedi. 

Nahdlatul ulema we Ulema mejlisi ýaly Yslam jemagatlary we jemgyýetçilik guramalary hüjümi ýazgardylar. 

Makassar şäheriniň häkimi Muhammed Ramadhan Pomanto hüjümde ýekşenbe günündäki dini çäre üçin buthana gelen adamlara zyýan ýetmändigini habar berdi. 

Buthananyň öňünde guralan hüjümiň jogakärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #hüjüm , #buthana , #Indoneziýa

Degişli Habarlar