Dünýä ýurtlary Mýanmanyň howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyny ýazgardylar

Mýanmanyň howpsuzlyk güýçleriniň düýnki ýaragly interwensiýasynyň netijesinde bolsa ýene-de 114 adam ýogaldy

1609791
Dünýä ýurtlary Mýanmanyň howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyny ýazgardylar

ABŞ, Awstraliýa, Kanada, Germaniýa, Gresiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Daniýa, Gollandiýa, Täze Zelandiýa, Günorta Koreýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlaryň Goranmak ministrleri, Mýanmanyň Howpsuzlyk güýçleriniň ýaragsyz demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmagyny ýazgardylar. 

Ady agzalan 12 ýurdyň Goranmak ministrleri beren umumy beýannamalarynda, Mýanmanyň goşunyna aşa güýç ulanmagyny bes etmegini we aksiýalary bilen Mýanmanyň halkyna garşy ýitiren abraýyny we ynamdarlygyny ýaňadandan dikeltmegi barada çagyryş berdiler. 

Ýokary hünärli bir goşunyň halkara standartlaryň düzgünlerini berjaý etmelidigi we hyzmat berýän raýatlaryna zyýan ýetirmegiň ýerine olary goramalydygy bellenen beýanatda, Mýanmanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýaragsyz demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmagy ýazgaryldy. 

Mýanmada harby agdarlyşyga we ýurdyň saýlanan hökümetiniň agzalarynyň göz tussaglygyna alynmagyna garşy geçirilen protestlerde howpsuzlyk güýçleriniň düýnki ýaragly interwensiýasynyň netijesinde bolsa ýene-de 114 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar