Müsürde Bolan Otly Heläkçiliginde 32 Adam Ýogaldy

Heläkçilikde 3 wagonyň relýesden çykandygy ýatladyldy

1609250
Müsürde Bolan Otly Heläkçiliginde 32 Adam Ýogaldy

Müsüriň günortasynda bolan otly heläkçiliginde 32 adam ýogaldy, 66 adam ýaralandy.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Nil derýasynyň ugrunda ýerleşýän Suhaj şäheriniň Tahta etrabynda iki ýolagçy otlysynyň kakyşandygy nygtaldy.

Beýannamada otly heläkçiliginde 32 adamyň ýogalandygy, 66 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Heläkçilikde 3 wagonyň relýesden çykandygy ýatladyldy.

Müsürde 2020-njy ýylyň 9-njy dekabrynda bolan otly heläkçiliginde hem 22 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar