“ABŞ Bilen ÝB-niň Arasyndaky Gatnaşyklar Ösdürilmeli”

Baýden ÝB-niň liderler maslahatyna onlaýn ýagdaýda gatnaşdy

1609025
“ABŞ Bilen ÝB-niň Arasyndaky Gatnaşyklar Ösdürilmeli”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ÝB-ne agza ýurtlaryň liderlerine, ABŞ bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada ýüzlenme berdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada, Baýdeniň, ÝB-niň liderler maslahatyna onlaýn ýagdaýda gatnaşandygy nygtaldy.

Beýannamada, ÝB-ne agza 27 ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirlen maslahata, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň ýolbaşçylyk edendigi bellenildi.

Baýden maslahatda, ýene-de bir gezek ÝB bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada ýüzlenme berdi.

Beýannamada, Baýdeniň güýçli ÝB-niň, ABŞ-nyň bähbitleri taýdan möhümdigine ünsi çekendigi bellenildi

 ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, güýçli demokratik gymmatlyklaryň, dünýäniň iň uly maýa goýum we söwda hyzmatdaşlary taýdan möhümdigini nygtady.

Prezident Baýden, Hytaý we Russiýa, Türkiýe, Günorta Kawkaz, Ýakyn Gündogar we Günbatar Balkanlar meselesinde hem ÝB bilen ABŞ-nyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.



Degişli Habarlar