Ysraýyla degişli harby uçarlar Gaza howa hüjümini gurady

Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza ýene-de bir gezek hüjüm gurady

1607214
Ysraýyla degişli harby uçarlar Gaza howa hüjümini gurady

Gabaw astyndaky Gazanyň demirgazyk we orta sebitlerinde guralan hüjümlerde adam ýitgileriniň ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi. 

Ysraýylyň goşunynyň metbugat geňeşçisi Awiçaý Adrai sosial media hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda, harby uçarlaryň we dikuçarlaryň raketa öndürýän bir nokada we Hamasa degişli harby liniýalara hüjüm gurandygyny beýan etdi. 

Awiçaý Adrai, hüjümiň düýn Gazadan Ysraýyla tarap atylan raketaly hüjüme garşylyk görkezmek maksady bilen guralandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň goşuny düýn agşam Gazadan Ysraýyla raketa atylandygyny we raketanyň boş bir meýdança degendigini beýan edipdi. 

Raketaly hüjümiň jogapkärçiligini Gazada öz üstüne alan tarap bolmady. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #hüjüm , #Gaza

Degişli Habarlar