Wladimir Putin Kowid-19 sanjymyny etdirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, koronawirus sanjymyny etdirdi

1607748
Wladimir Putin Kowid-19 sanjymyny etdirdi

Kremliň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Wladimir Putine düýn bir rus Kowid-19 sanjymynyň ilkinji dozasynyň edilendigini, takmynan 3 hepde soň 2-nji dozanyň ediljekdigini habar berdi. 

Putine haýsy sanjymyň edilendigi bilen bagly soraga jogap bermekden saklanan Peskow: "Haýsy sanjymyň edilendigini özi we lukmany bilýär" diýip belledi.

Peskow düýn beren beýanatynda bolsa, Putiniň haýsy Kowid-19 sanjymyny etdirendigi barada maglumat bermändi, Putiniň sanjymdan soň özüni gowy duýandygyny habar beripdi. 

Putiniň sanjymy hem metbugata açyk ýagdaýda edilmändi. 



Degişli Habarlar