"Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynda Agza Ýurtlaryň we ÝB-niň Bähbitlerini Goramak Isleýäris”

Borrel, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

1606372
"Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynda Agza Ýurtlaryň we ÝB-niň Bähbitlerini Goramak Isleýäris”

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlyk jogapkär ýokary wekili Žozef Borrel “Biz Türkiýe bilen dalaşgär ýurt, goňşy we özara gatnaşyklarymyzy ösdürip biljek esasy ýurt hökmünde gatnaşyk etmek isleýäris.  Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda agza ýurtlaryň we ÝB-niň bähbitlerini goramak isleýäris”diýdi.

Borrel, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň maslahatyň gün tertibini emele getirýän esasy ugurlardan biri bolandygyny nygtan Borrel, mart aýynyň 25-26-sy aralygynda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynda hem bu meseläniň seljeriljekdigini, ÝB Komissiýasynyň taýarlan habarnamasynyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Türkiýeden soňky döwürde gowy habarlaryň gelýändigini nygtan Borrel, “Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlyk gowşasada ýagdaý diýseň ynjyk we Türkiýedäki käbir içerki meseleler bizi aladalandyrýar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar