Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, birnäçe aýyň içinde özüne degişli platforma bilen sosial media gaýdyp geler

1605774
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň 2020-nji ýyldaky Prezident kampaniýasynyň metbugat geňeşçisi we maslahatçysy Jeýson Miller, Fox TV kanalyna beren beýanatynda, ady agzalan sosial media platformasynyň Trampa degişli boljakdygyny habar berip: "Bu göçüm oýuny dolulygyna täzeden düzer we her kim Donald Trampyň näme edýändigini görmek üçin oňa tomaşa eder" diýip belledi. 

Donald Trampyň täze sosial media platformasy üçin ençeme kärhanadan teklip alandygyny we öz toparyny ýygnamaga başlandygyny aýdan Miller: "Örän uly platforma bolar, on millionlarça ulanyjyny ol ýere geçirer" diýip mälim etdi. 

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Twitter we Facebook atly sosial media platformalary, 6-njy ýanwarda başdan geçirilen we 5 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen Kongres wakasyndan soň, Trampyň hasabyny ilki bilen wagtlaýyn, soň bolsa hemişelik ýapypdylar. 



Degişli Habarlar