Asada Tabynlykdaky Güýçler Hassahanany Nyşana Aldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň hassahanany nyşana alandygy sebäpli 400 müň adam saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mahrum

1606530
Asada Tabynlykdaky Güýçler Hassahanany Nyşana Aldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Eýranyň gözegçiligi astyndaky terrorçy toparlaryň, Halabyň günbatarynda ýerleşýän Etarib etrabynda ýerleşýän hassahanany nyşana alandygy sebäpli 400 müň adam saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mahrum boldy.

Etarib hassahanasynyň müdüri Ömer Hallak, Asada tabynlykdaky güýçleriň hassahana gury ýerden hüjüm gurandygyny aýtdy.

“Birden bombalaryň aşagynda galdyk” diýen Hallak, “Hassahananyň birnäçe bölümi hatardan çykdy” diýip belledi.

Hallak, hassahanada, Etarib etraby bilen birlikde golaýdaky etraplardan gelýän 400 müň adama hyzmat edilýändigini we aýda 6-7 müň adamyň saglygyny bejerdýändigini ýatlatdy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň 2021-nji ýylyň 21-nji martynda El Etarib etrabyndaky hassahana guran hüjüminde asuda ilatdan 7 adam ýogalypdy, 5-i saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen 15 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar