Wengriýanyň daşary işler ministri: "ÝB Türkiýä söz beren 6 milliard ýewro puly tölemeli" diýdi

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto, ÝB-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy

1606170
Wengriýanyň daşary işler ministri: "ÝB Türkiýä söz beren 6 milliard ýewro puly tölemeli" diýdi

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýede eýedigini belläp: "ÝB ylalaşyga laýyklykda Türkiýä söz beren 6 milliard ýewro puly tölemeli" diýip beýan etdi. 

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto, ÝB-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Peter Siýarto, şu günki gün ÝB-nyň howpsuzlygynyň Türkiýäniň howpsuzlygyna baglydygyny belläp: "Türkiýede 4 million bosgun ýaşaýar. Eger Türkiýe şol bosgunlary saklaman, olary goýberse ÝB ozal görülip-eşidilmedik krizisiň içine girer. Ilki bilen ÝB Türkiýä söz beren 6 milliard ýewro puly tölemeli" diýip nygtady. 

ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gümrük ylalaşygynyň hem täzelenmeginiň gerekdigini aýdan Peter Siýarto, Türkiýäniň dünýäniň iň ösen 20 ykdysadyýetiň biridigini, şol sebäpli ylalaşygyň ÝB-nyň peýdasyna boljakdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar