Mewlüt Çawuşogly Jeýn Holl Lut bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi

1606160
Mewlüt Çawuşogly Jeýn Holl Lut bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Kipr meselesi boýunça ýörite maslahatçysy Jeýn Holl Lut bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Jeýn Holl Lut bilen Kipr meselesi boýunça aprel aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek 5+1 formatdaky resmi bolmadyk maslahatyň taýarlyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Kiprde ähli taraplaryň peýdasyna boljak hemişelik we hakyky çözgüt iki döwletiň özygtyýarly deňligine esaslanýan hyzmatdaşlykdyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar