Hamaneý ABŞ-nyň Sanksiýalary Jenaýatdygyny Beýan Etdi

Eýranyň dini Lideri Ali Hamaneý ABŞ-nyň ýurduna goýan sanksiýalarynyň jenaýatdygyny aýtdy

1605652
Hamaneý ABŞ-nyň Sanksiýalary Jenaýatdygyny Beýan Etdi

Nowruz baýramy mynasybetli döwlet teleýaýlymynda halka ýüzlenip çykyş eden Hamaneý, içeri we daşary syýasatda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda garaýyş beýan etdi.

Hamaneý; “ABŞ-nyň Eýrana we käbir ýurtlara goýan ykdysady sanksiýalary uly jenaýatdyr. Sanksiýalar bilen Eýrany ejizletmegi we boýun egdirmegi maskat edinýärdiler. Bu syýasat puja çykaryldy we ol ýerli önümçiliginiň ösmegine sebäp boldy” diýdi.

Eýranyň ýadro ylalaşygyna goşulmak hakyndaky şeriniň “ABŞ-nyň ähli sanksiýalary bes etmeginden we ony iş ýüzüne geçirmeginden ybaratdygyny” ýatladan Hamaneý; “ABŞ-nyň mundan ozalky akmak ýolbaşçysynyň maksimum basyş syýasaty puja çykdy. Täze hökümet hem şol syýasaty alyp barsa, ol hem puja çykar” diýdi.

 



Degişli Habarlar