Mýanmada protestler dowam edýär

Beýleki tarapdan agdarlyşyga garşy protestler şu gün hem ýurdyň ençeme şäherinde dowam etdi

1605387
Mýanmada protestler dowam edýär

Mýanmada harby agdarlyşyga we ýurdyň saýlanan hökümetiniň agzalarynyň göz tussaglygyna alynmagyna garşy geçirilýän protestlerde soňky 24 sagatda howpsuzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde ýene-de 23 adam ýogaldy. 

Mýanmanyň Syýasy tussaglylara ýardam guramasyndan berilen beýanatda, düýn we şu gün Ýangon, Aungpan, Thaketa, Bago we Pakokku şäherlerinde geçirilen protestlerde, howpsuzlyk güýçleriniň hakyky oklar ulanandygy mälim edildi. 

Beýanatda 23 adamyň od açylmagy netijesinde ýogalandygy, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Beýanatda, şaýatlar tarapyndan hem tassykalanan jemi adam ýitgileriniň bolsa 247-ä ýetendigi, häzirki wagta çenli 2 müň 345 adamyň göz tussaglygyna alynandygy we şolaryň 1 müň 994-siniň häzirki wagtda hem tussaglykda saklanýandygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan agdarlyşyga garşy protestler şu gün hem ýurdyň ençeme şäherinde dowam etdi. 

Sosial mediada paýlaşylan käbir wideolarda bolsa esgerler, protestçileriň öýlerine girip, öýleri talandyklaryny görüp bolýar. 

 



Degişli Habarlar