Jo Baýden we Entoni Blinken raýatlary Nowruz baýramlary bilen gutlady

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem ýazmaça beýanat berip, raýatlary Nowruz baýramlary bilen gutlady

1605219
Jo Baýden we Entoni Blinken raýatlary Nowruz baýramlary bilen gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden, dünýäniň koronawirus epidemiýasy sebäpli kyn zamanadan geçýändigini, emma gowy günleriň golaýlap gelýändigini belläp, raýatlary Nowruz baýramlary bilen gutlady. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden, Bahar paslynyň buşlukçysy hökmünde kabul edilýän Nowruz baýramy bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi we Eýrandan Orta Aziýa, Ýakyn Gündogardan Ýewropa çenli her kimiň Nowruz baýramyny belläp geçýändigini habar berdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ähli adamlaryň kyn zamanadan geçýändigini we baýramlaryň onlaýn görnüşde geçirilýändigini aýdan Baýden: "Ähli gam-gussalardan we ýitgilerimizden soň gowy günleriň öňümizdedigini bilmelidiris. Parahatçylyk, abadançylyk we düşünje doly umumy bir gelejek üçin bilelikde işlemelidiris" diýip mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem ýazmaça beýanat berip, raýatlary Nowruz baýramlary bilen gutlady. 



Degişli Habarlar