Eýranda bombaly hüjüm guraldy

Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Belujystan welaýatynyň Serawan etrabynda guralan bombaly hüjümde 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1605444
Eýranda bombaly hüjüm guraldy

Eýranyň döwlet telewideniýesinde berilen habara görä, Yknkylap goragçylary goşunyndan berilen beýanatda, Serawan etrabynda bombaly hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 3 adamyň hem ýaralanandygy aýan edildi. 

Ýurtda terror guramasy hökmünde kabul edilýän "Jeýşul Adl" atly gurama, sünni buluç halkynyň hukuklaryny goraýandygyny öňe sürüp, Pakistan serhediniň golaýynda ýerleşýän Sistan-Belujystan welaýatynda wagtal-wagtal hüjümler guraýar. 


Etiketkalar: #bombaly hüjüm , #Eýran

Degişli Habarlar