AstraZenecanyň Peýdasy Howpyndan Köp

Bu barasynda BSGG-nyň beýannamasynda aýdylýar

1604954
AstraZenecanyň Peýdasy Howpyndan Köp

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, AstraZenecanyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren sanjymynyň peýdasynyň howplaryndan has köpdügini habar berdi.

Guramadan berlen beýannamada, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Global sanjym howpsyzlygy komitetiniň mart aýynyň 16-19-y aralygynda onlaýn maslahat geçirendigi mälim edildi.

Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sanynyň 120 milliondan geçendigi, wirus sebäpli 1,5 milliondan gowrak adamyň bolsa ýogalandygy ýatladyldy.

Beýannamada häzirki wagta çenli Ýewropada 20 million AstraZeneca sanjymynyň edilendigi, Hindistanyň Serum instituty tarapyndan öndürlen AstraZeneca-Oxford sanjymynyň hem şol ýurtda 27 million doza edilendigi bellenildi.

Beýannamada, Global sanjym howpsyzlygy komitetiniň barlaglarynda “AstraZenecanyň Kowid-19 sanjymynyň peýdalarynyň howplaryndan has köplügi, dünýäde wirusyň ýaýramagynyň we wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň azalmagynda uly mümkinçilige eýedigi kesgitlendi” diýildi.

Ýewropa Derman senagaty gullugy EMA, Germaniýa, Fransiýa, İtaliýa we İspaniýa bilen birlikde käbir Ýewropa ýurtlarynda sanjymyň, gana ýaramaz täsir ýetirendigi sebäpli AstraZenejanyn sanjymynyň ulanylmagynyň wagtlaýyn saklanmagyndan soň geçiren ylmy barlaglarynda, sanjymyň peýdalarynyň howplaryndan has köpdügini habar beripdi.


Etiketkalar: #sanjym , #BSGG , #"AstraZeneca"

Degişli Habarlar