AstraZenekanyň Kowid-19 sanjymy Latwiýada we Şwesiýada ulanylmagy bes edildi

AstraZeneka kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan  Kowid-19 sanjymy Latwiýada we Şwesiýada ulanylmagy bes edildi

1602499
AstraZenekanyň Kowid-19 sanjymy Latwiýada we Şwesiýada ulanylmagy bes edildi

Merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýän Britan-Şwed derman we biotehnologiýa kärhanasy AstraZeneka tarapyndan oýlanyp tapylan koronawirus sanjymy Ýewropada howsala döretdi. 

Köp sanda ýurt AstraZeneka kärhanasynyň Kowid-19 sanjymyny ulanmagyny duruzdy, şol ýurtlaryň hataryna indi bolsa Latwiýa we Şwesiýa döwletleri hem goşuldy. 

Ganyň goýalmagy ýaly ýaramaz täsirleri hasaba alynan AstraZeneka kärhanasynyň Kowid-19 sanjymy ozal bolsa Irlandiýa, Norwegiýa, Daniýa, Islandiýa, Rumyniýa, Italiýa, Bolgariýa, Germaniýa we Italiýa ýaly ýurtlarda ulanylmagy bes edilipdi. 

Sanjym bilen baglanşykly ýurtlaryň berýän beýanatlary we habarlar dünýäde alada döretdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreisus, käbir ýurtlaryň Oksford-AstraZeneka sanjymynyň ulanylmagyny bes edendigini bilýändiklerini, şol sanjym bilen baglanşykly derňew işleriň geçiriljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar