Ruhani: "Ýurtdaky konserwatiw gatlak syýasy bähbitleriniň zamuny astynda" diýdi
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurtdaky konserwatiw gatlagyň syýasy bähbitleriniň zamuny astyndadygyny belledi
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde Ykdysady koordinasiýa geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, soňky wagtlarda hökümete garşy eden ädimleri sebäpli konserwatiw gatlagy tankyt etdi.
Eýranyň ykdysadyýeti bilen baglanşykly umumy görkezijileriň, sanksiýalaryň gözegçilik astyna alynandygyny we maksimim basyş syýasatynyň şowsuz bolandygyny görkezýändigini aýdan Ruhani: "Duşmanlar, Eýrana garşy maksatlary sebäpli şol üstünlikleri äsgermezçilik etmäge we ýok hökmünde garamaga synanyşýar. Gynansagam ýurdyň içindäki käbir gatlaklaram öz wagtlaýyn syýasy bähbitleriniň zamuny boldylar. Bu gatlaklar Eýranyň halkynyň üstünligini görmediksireýär" diýip belledi.
Eýranyň Prezident ofisiniň başlygy Mahmud Waizi 12-nji martda beren beýanatynda, 18-nji iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen prezident saýlawynda ýaryşmak isleýän käbir toparlary sanksiýalaryň aýrylmazlygy üçin hökümete päsgelçilikler döretmek bilen günäkärledi.
Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, konserwatiw gatlak tarapyndan ABŞ-nyň embargolaryndan gözbaş alýan ykdysady meselelere garşy täsirsiz bolmak bilen günäkärlenýär.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi