Entoni Blinken Russiýada oppozisionerleriň göz tussaglygyna alynmagyna reaksiýa bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýada oppozisionerleriň ýerli saýlawlar sebäpli Moskwada geçiren maslahatynda, 200 adamyň göz tussaglygyna alynmagyna reaksiýa bildirdi

1600766
Entoni Blinken Russiýada oppozisionerleriň göz tussaglygyna alynmagyna reaksiýa bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Twitterden beren beýanatynda: "Russiýanyň hökümeti aralarynda syýasy aktiwistler Wladimir Kara-Murza we Ýuliýa Galýamina hem bolan jemi 200 ýerli häkimi we syýasatçylary şübhe döredýän sebäpler bilen göz tussaglygyna aldy. Garaşsyz sesleri kazyýetiň öňüne çykarmagy bes etmek barada çagyryş berýäris" diýip habar berdi. 

Russiýada polisiýa gullugynyň işgärleri, ýurdyň çar tarapyndan gelen oppozisioner syýasatçylaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahata girip 200 adamy göz tussaglygyna alypdy. 

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Moskwada myhmanhanalaryň birinde geçirilen maslahatda, koronawirus epidemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň düzgünleriniň bozulandygy we maslahatyň şübhe astynda bolan gurama tarapyndan guralandygy öňe sürülipdi. 



Degişli Habarlar