Papa Aýlan Bäbejigiň Kakasy Bilen Duşuşdy

Jansyz bedeni kenara çykan Aýlan bäbejik Siriýadaky söweşiň elhenç ýüzüni ýene-de bir gezek görkezipdy

1596986
Papa Aýlan Bäbejigiň Kakasy Bilen Duşuşdy

 

Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransisk, Muglanyň Bodrum etrabynda çişirlen gaýyklarynyň batmagy sebäpli jansyz bedeni kenarda tapylan we ünsleri özüne çeken siriýaly Aýlan Kurdiniň kakasy bilen duşuşdy.

Watikandan berlen beýannamada,  Papanyň Yragyň Erbil şäherinde Franso Hariri stadionynda geçirlen dini dabaradan soň Aýlan bäbejigiň kakasy Abdulla Kurdy bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýannamada, Papanyň, maşgalasyny ýitiren Abdullah Kurdini diňländigi nygtaldy.

Abdullah Kurdiniň hal-ýagdaýyny soran Papa sagbolsun aýdandygy we Aýlan bäbejigiň fotosuratyny berendigi nygtaldy.

Bodrumda 2015-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Gresiýa gitmek üçin ýola çykan gaýyklarynyň batmagy bilen siriýaly 3 ýaşyndaky Aýlan Kurdi, agasy we ejesi bilen birlikde 5 adam ýogalypdy.

Jansyz bedeni kenara çykan Aýlan bäbejik Siriýadaky söweşiň elhenç ýüzüni ýene-de bir gezek görkezipdi we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekipdi.



Degişli Habarlar