Palestinada zenanlaryň 40 göterimi işsiz

Palestinada zenanlaryň 40 göteriminiň işsizdigi mälim edildi

1596766
Palestinada zenanlaryň 40 göterimi işsiz

Palestinanyň hökümetine degişli Merkezi Statistika guramasy, 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli habarnama taýarlady. 

Habarnamada ýurtdaky işsizlik görkezijileriniň 2020-nji ýylda erkekleriň arasynda 23 göterimdigi, zenanlaryň arasynda bolsa 40 göterimdigi habar berildi. 

Döwlet edaralarynda işleýänleriň 45 göteriminiň zenanlardan ybaratdygyna ünsler çekilen habarnamada, emma zenanlaryň karar kabul etmek pozisiýasyndaky ýerleriniň entegem erkeklere garanyňda çäklidigi aýan edildi. 

Habarnamada mundan başgada: "Gündogar Iýerusalimde, Günbatar Şeriada we Gazada 2020-nji ýylda 3 zenan şehit edildi, 128 zenan göz tussaglygyna alyndy we şolaryň 40-sy entegem Ysraýylyň tussaghanalarynda" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar