"Eýran, Sebitdäki Krizisiň Çözülmegi Üçin Halkara Guramalar Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Taýar"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani "Basyşdan we hemle atmakdan gaça durulmaly” diýdi

1596880
"Eýran, Sebitdäki Krizisiň Çözülmegi Üçin Halkara Guramalar Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Taýar"

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Tähranyň, Halkara Atom energiýasy gullugynyň öz wezipesini ýerine ýetirmegi üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýtdy.

Paýtagt Tähranda İrlandiýanyň Daşary işler ministri Simon Koweneý bilen duşuşan Prezident Ruhani, ýadro ylalaşygy we Halkara Atom energiýasy  gullugy bilen hyzmatdaşlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň, ABŞ-nyň ozalky hökümetine garşy göreşmelidigini aýdan Ruhani, “Eýran, sebitdäki krizisiň çözülmegi üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar. Kynçylyklaryň çözülmegi üçin iň amatly ýol sylag hormada esasalnýan gepleşiklerden geçýär.  Basyşdan we hemle atmakdan gaça durulmaly” diýdi.

Ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmeginiň ABŞ-nyň sanksiýalarynyň bes edilmegine we ähli taraplaryň öz jogapkärçiliklerini terine ýetirmegine baglydygyny aýdan Ruhani, ÝB-ne agza ýurtlary hem ýeterlik tagalla etmezlikde günäkärledi.


Etiketkalar: #Hasan Ruhani , #basyş , #Eýran

Degişli Habarlar