Papa, Şaýylaryň Dini Lideri Ali As Sistany Bilen Duşuşdy

Katolikleriň dini lideri düýn paýtagt Bagdatda Premýer ministr Musta Al Kazymi we Prezident Berhem Salih bilen duşuşypdy

1596182
Papa,  Şaýylaryň Dini Lideri Ali As Sistany Bilen Duşuşdy

 

Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk, Yraga guraýan saparynyň çäginde şaýylaryň iň uly dini lideri Ali As Sistany bilen duşuşdy.

Yragyň resmi habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Papanyň ulag kerweni Nejef howa menzilinden Sistanynyň öýüne geçdi.

Papa bilen Sistany dini lideriň öýünde duşuşdy.

Katolikleriň dini lideri düýn paýtagt Bagdatda Premýer ministr Musta Al Kazymi we Prezident Berhem Salih bilen duşuşypdy.

Paba paýtagt Bagdatdaky Seýýidetül Nejat buthanasyna hem baryp gördi.

Papanyň Nejefden soň Nesiriýe şäherinde ýerleşýän gadymy Ur şäherine barmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #sapar , #Yrak , #Papa

Degişli Habarlar