Putin takmynan 4 million adama sanjym edilendigini habar berdi

Putin, halkara arenada Kowid-19-a garşy göreş babatynda edilýän işleriň birleşdirilmelidigini beýan etdi

1595223
Putin takmynan 4 million adama sanjym edilendigini habar berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurtda takmynan 4 million adamyň Kowid-19-a garşy sanjym edilendigini belläp: "2 milliondan gowrak adam, sanjymyň 2-nji dozasyny etdirdi. Şonçarak, ýagny takmynan 2 million adam bolsa sanjymyň ilkinji dozasyny etdirdi" diýip mälim etdi. 

Wladimir Putin, ynsanperwer kömek guramalarynyň biriniň meýletinler bilen geçiren maslahatynda, ýurtda Kowid-19-a garşy alynyp barylýan sanjym etaby bilen bagly maglumat berdi. 

Putin, ýurtda sanjym tapgyrynda käbir meseleleriň bardygyny belläp: "Logistika, paýlanşyk we sanjym nokatlarynyň guramaçylygy bilen bagly meseleler bar. Bilişim boýunça ýurdyň 9 aýry sebitinde sanjym işleri entek başlamady" diýip habar berdi. 

Russiýada wirusa ýolugýan adamlaryň azalandygyny, emma howpyň dowam edýändigini aýdan Putin, halkara arenada Kowid-19-a garşy göreş babatynda edilýän işleriň birleşdirilmelidigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar